“Güneşli Watan” HJ energiýa dolandyrylyşy üçin awtomatiki akylly yşyklandyrma ulgamlary, ofis we önümçilik yşyklandyrma ulgamlary boýunça aýratyn çözgütleri üpjün edýär. Olar energiýa dolandyrylyşy ýa-da niyetlenen ýerleri yşyklandyrmak üçin durmuşa geçirilýär. Biz müşderi tarapyndan kompýuter arkaly taslanan CAD formatyndaky çyzgylaryna netijeleri görkezmek maksady bilen 3D-de we reňkli görnüşlerde shemalary we yşyklandyrma hasaplamalaryny taýýarlap, müşderilere görkezip, meýilleşdirip we düzüp ulanyşa girizip bilýäris. Biz müşderä jemleýji shemany görkezip, amatly bolan ulgamy saýlamak mümkinçiligini üpjün etmek maksady bilen, yşyk paýlaýyş we dolandyryş ulgamlaryny, beýleki yşyklandyrma dolandyryş serişdeleri gurnama işleri bilen birleşdirip bermekligi hödürleýäris. “Güneşli Watan” HJ müşderileri ulgam bilen tanyşdyrmak işlerini ýörite döwrebap programmalar arkaly A0 reňkli plotteri bilen taýýarlanan çyzgylary we yşyklandyrma shemalary arkaly amala aşyrýar.