“Güneşli Watan” HJ elektrik energiýasy bilen üpjün ediş we kabul ediş enjamlaryndan başlap kiçi gerimli paýlaýjy şitleri, kabel gutusyny, kabel ternawyny, kabel geçirme (bir görnüşli kabelleri geçirmekligi şeýle hem FP200 ýaly başga kabeller boýunça ýöriteleşdirilen kabelleri geçirmekligi, mineral izolýasiýaly we polat sim bilen armirlenen goragly kabelleri geçirmekligi) ýaly hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Doly elektrik paýlaýjy ulgamlar bilen bagly kabel ululyklarynyň ählisini, paýlaýjy gurluşlardaky awtomat wyklýuçateliň ululyklaryny we gurnamalaryny şeýle hem yzygiderliligini hasaplamak üçin ýörite tablissalar arkaly amala aşyrýar. Biz shemalarymyzyň takyk we doly düşündirilmegi üçin müşderilerimize AutoCAD formatynda paýlama shematikasyny üpjün edýäris. Mälim bolşy ýaly “Güneşli Watan” HJ elektroenergiýa ulgamlaryndaky özboluşly tejribesini, müňlerçe amper güýjenmeli elektroenergiýa ulgamyndan başlap, pes woltažda işleýän ulgamlarda amala aşyrýan işlerinden görüp bilersiňiz.